Gonbad-e Kawusda çagalykda nikalaşdyrmagyň pidasy: güýçli depressiýa sebäpli bir raýatyň özüni oda bermesi
Çagalykda durmuşa çykarylan bir raýat, ýeke-täk çagasynyň aradan çykmagyndan bir ýyl soň özüni oda berip, aradan çykdy. Tohra-nyň habaryna görä, Türkmen sahrasynyň adam hukuklary işjeňleri 1400-nji ýylyň 27-nji Farwardin gijesinde (Eýranyň senenamasy boýunça) Gonbad-e Kawus şäherinden bolan bir raýatyň özüni oda bermegi netijesinde aradan çykandygyny habar berdiler. Bu adamyň şahsyýeti «Behnaz G.» diýip görkezildi.
Maşgalasyna ýakyn bir çeşme Tohra beren beýanatynda aradan çykan raýatyň 17 ýaşyndadygyny aýdyp şeýle diýdi: «Behnaz iki ýyl öň, bary-ýogy 15 ýaşyndaka durmuşa çykdy. Geçen ýyl bir çaga dünýä indirdi, emma üç aýlyk bäbegini bir hadysa sebäpli ýitirdi. Şondan soň güýçli depressiýa düşdi we ahyrynda düýn gije ýagdaýy agyrlaşyp, özüni oda berdi.»
Eýranda gyzlar üçin nikalaşmagyň iň pes ýaşy 13, oglanlar üçin bolsa 15 ýaş hökmünde kesgitlenendir. Şeýle-de bolsa, ýurduň raýat kodeksine görä, bu ýaşdan kiçi çagalaryň nikalaşmagy kanuny hossaryň rugsady we degişli kazyýetiň karary bilen mümkin bolup biler.
Eýranda 18 ýaşdan kiçi, bedeni taýdan kämillik ýaşyna ýetdi diýlip hasaplanýanlaryň nikasy jedelli mesele bolup durýar. Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýa we beýleki adam hukuklary ölçegleri boýunça “çaga” 18 ýaşdan kiçi her bir adam hökmünde kesgitlenýär we çagalaryň nikasy gadagan edilýär. Bu konwensiýa gol çeken döwletler, aýratyn-da Eýran, 18 ýaşdan kiçi çagalaryň nikasyny öňüni almaga borçludyrlar.