Erdogan: Türk ýurtlary ýakyn hyzmatdaşlykda
Prezident Erdogan özbek kärdeşi bilen duşuşygynda häzirki asyry türk dünýäsi adyna möhürlemek boýunça bilelikdäki erk-islegi nygtady. Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Ankarada iki günlük resmi saparyň çäginde geçirilen bilelikdäki duşuşykda: «Türk ýurtlary ýakyn hyzmatdaşlykda» diýdi.
Iki lideriň duşuşygy Esenboğa howa menzilindäki dabaraly garşy alyş bilen başlap, soňra Prezident köşgi Beştepe’de dowam etdi. Gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklardan başga-da sebit we dünýä ösüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Erdogan bilelikdäki metbugat ýygnagynda şeýle diýdi: «Soňky on ýylda Özbegistan bilen söwda dolanyşygymyzy üç esse artdyrdyk. Ýakyn wagtda täze 5 milliard dollarlyk maksadymyza ýetjekdigimize ynanýaryn. Özbegistan bilen geljege gönükdirilen strategik ädimleri kesgitledik we iki ýurduň edaralary ähli umumy maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk edýär».
Ol sözüniň üstüni ýetirip: «Ýüreklerimiziň birligi bilen, Hudaýyň kömegi arkaly häzirki asyra türk dünýäsi möhürini basjakdygymyza ynanýarys. Diňe ýüregimiz we dilimiz bir däl, biziň derdimiz, hasratymyz hem-de agyrymyz hem birdir» diýdi. Türkiýäniň Prezidenti şeýle hem nygtady: «6-njy fewral ýer titremesinden soň, 53 müňden gowrak watandaşymyzy ýitirenimizde, Özbegistan ilkinji kömek eden ýurtlaryň biri boldy. Şeýle hem Ysraýylyň Gazadaky hüjümleri boýunça prinsipial pozisiýa eýe boldy, munuň üçin özbek halkyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin». Ol şeýle dowam etdi: «Dil, pikir we hereket birligi maksadyna tarap berk ädimler bilen öňe bararys we ata-babalarymyzyň mekany bolan Merkezi Aziýanyň abadançylygyna degişli goşandy goşmaga tutanýerlidiris».
Özbegistanyň Prezidenti: Türkiýe täze global geosyýasy merkez bolup barýar
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Ankaradaky Prezident toplumynda (Külliýe) Erdogan bilen geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda şeýle diýdi: «Türkiýe hakykatdan-da dünýäde täze geosyýasy güýç merkezleriniň birine öwrülýär».
Mirziýoýew ikitaraplaýyn gepleşiklerden soň Türkiýäniň gazanan üstünliklerine ünsi çekip, bu ýurduň diňe Yslam dünýäsinde däl, eýsem dünýä derejesinde hem ähli ugurlarda täsirini günsaýyn artdyrýandygyny we möhüm üstünlikler gazanýandygyny aýtdy.
Ol «Türkiýe asyry» atly strategik maksatnamanyň yzygiderli amala aşyrylýandygyny we Ankaranyň halkara meýdançada sesiniň has-da güýçli eşidilýändigini belledi. Özbegistanyň Prezidenti bu ösüşleriň ýurduny begendirýändigini aýdyp, özbek halkynyň adyndan we hut öz adyndan Türkiýä bu üstünlikler mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.